\

Türkmenistan ABŞ maýa goýumlaryna gapylary açýar

Türkmenistan ABŞ maýa goýumlaryna gapylary açýar
25 Fewral 2026 г.

Türkmenistan ABŞ maýa goýumlaryna gapylary açýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň innowasion we ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek üçin Amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmek mümkinçiliklerini öwrenýändigini aýtdy.

Türkmen Halkynyň Mili Lideri ykdysadyýeti köpugurlylygy, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri durmuşa geçirmegiň, milli hem-de halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmagyň zerurlydygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, ABŞ bilen hyzmatdaşlyk özara peýdaly ýörelgeler esasynda guralýar, Amerikaly kompaniýalar Türkmenistanda energiýa, ulag, oba hojalygy we IT ulgamlaryny hem öz içine alýan taslamalary jemi 45 milliard ABŞ dollary möçberinde üstünlikli durmuşa geçirdiler. Olaryň arasynda John Deere, General Electric, Case, Boeing, Coca-Cola, Sikorsky we Caterpillar kompaniýalary aýratyn bellenildi.

Milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň galýandygyny nygtady we ABŞ-nyň Türkmenistan üçin ynamdar we dostlukly hyzmatdaş hökmünde kabul edilýändigini tassyklady.

Çeşme: www.business.com.tm