Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropa maýa goýum banky (EIB) wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi. Wekiliýete Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça departamentiň ýolbaşçysy Edwardas Bumşteinas ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Hususan-da, ulag ulgamynda Transhazar ulag geçelgesini maliýeleşdirmek, onuň sanly ulgama geçirilmegini SPECA maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem “ýaşyl” energetika, suw hojalygy, oba hojalygy, sanly özgertmeler hem-de uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek ugurlary boýunça taslamalara aýratyn üns berildi.
Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mundan ozal ýokary derejedäki duşuşyklar Samarkant şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” sammitiň çäginde geçdi.
Çeşme: www.turkmenportal.com



