Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlykda täze tapgyr
Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlykda täze tapgyr
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk» atly bilelikdäki taslamanyň dördünji tapgyryna badalga berdiler.
Täze tapgyr DÖM-leri durmuşa geçirmek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça milli mümkinçilikleri berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle hem taslama Türkmenistanyň üçünji Meýletin Milli synyny taýýarlamagy goldar hem-de ösüşi maliýeleşdirmek mehanizmlerini kämilleşdirmäge ýardam eder.
BMGÖM-de bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi ýurduň sebitlerinde durnukly ykdysady we durmuş ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder we döwlet edaralarynyň, halkara hyzmatdaşlarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň arasynda utgaşdyryşy güýçlendirer.
Çeşme: www.turkmenportal.com



